Gresiýanyň Goranmak ministri Nikola Dendias Türkiýäniň gämi gurluşygynda uly ösüş edendigini nygtap, Gresiýanyň Deňiz güýçleriniň ykdysady çökgünlikde bu ugurda yzda galandygyny beýan etdi.
Nikola Dendias Goranyş we İnnowasiýa Merkeziniň döredilmegi boýunça mejlisde geçirilen maslahatdan öň eden çykyşynda Ýaragly güýçleriň zerurlyklary hakynda durup geçdi.
Dendias çykyşynda Türkiýede gämi gurluşygynda edilen ösüş hakynda şeýle diýdi: “Türkiýe hakykatdan hem gämi gurluşygy we çil mal üpjünçiliginde uly ösüş etdi. Gresiýa elmydama deňizlerde güýçli bolmak üçin tagalla etdi. Ol gadymy şäher döwleti zamanasynda-da şeýledi. Deňiz güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagy zerur. Ykdysady çökgünlik ýyllarda yzda galdyk, platformalarymyzy we ulgamlarymyzy abatlamak üçin serişde tapmadyk. Onuň öwezi dolunmaly” diýdi.