Gara deňiz Funduk we funduk önümleriniň eksportçylarynyň bileleşiginden alynan maglumata görä dünýädäki funduk önümçiliginiň esasy bölegine eýe bolan Türkiýeden geçen ýyl 130 ýurda eksport edildi.
Eksport edilen 323,243 tonna fundukdan 2,6 milliard dollara barabar girdeji alyndy.
Türkiýänin 2024-nji ýyldaky funduk eksportunda öňki ýyl bilen deňeşdirilende mukdar taýdab 39,724 tonna, girdejide bolsa 771,3 million dollar ýokarlama edildi.
Geçen ýyl esasy funduk eksporty 88,260 tonna bilen Germaniýa edildi. Türkiýäniň funduk eksportunyň 27,3 göterimine deň gelýän daşarky satuwdan 705,4 million dollar girdeji alyndy.
Funduk eksportunda İtaliýa ikinji, Polşa bolsa üçünji orny eýeledi.