Çawuşogly Awstriýanyň paýtagty Wenada Halkara demokratlar bileleşiginiň guran agzaçaryna gatnaşdy.
Çawuşogly agzaçarda sözlän sözünde, Awstriýada ýaşaýan 300 müňden gowrak türk raýatynyň iki ýurduň arasynda möhüm aragatnaşygy ýola goýýandygyny beýan etdi.
Ministr Çawuşogly; “Raýatlarymyza, dindeşlerimize goldawymyz dowam eder” diýdi.
Türkiýäniň indi stoluň başynda-da meýdanda-da güýçlüdigini nygtan Çawuşogly; “Oýuny dizaýn edýänleriň yzynda ylgaýan däl, eýsem oýuny dizaýn edýän, emma Türkiýäniň garşysyna oýnalýan oýunlary bozýan Türkýe bar” diýdi.
Siriýaly immigrantlary terrordan saplanan ýerlere ugratmaga dowam etjekdiklerini nygtan Çawuşogly; “Ony ynsanperwer çemeleşme bilen ederis. Rasist garaýyş bilen däl” diýdi.
Türkiýäniň energetika boýunça uly global güýje öwrülendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly; “Ukraina söweşinden soň doganlyk we goňşy ýurtlara, günorta-gündogar ýurtlaryna, Balkan ýurtlaryna tebigy gaz ugradan ýurt bolduk” diýdi.
Çawuşogly; “Doganlyk Azerbaýjan bilen TARA gaz geçirijisiniň ukybyny 2 esse ýokarlandyrýarys. Türkmen doganlarymyzyň çykarýan gazyny hem şol geçirijilere birikdireris. Gazak, özbek doganlarymyz bilen Hazaryň üstaşyr Gündogar-günbatar geçelgesini söwda merkezine öwüreris” diýdi.