Türkiýe Deňiz Topuny Öndüren Belli Ýurtlaryň Hataryna Goşuldy

Türkiýe Deňiz Topuny Öndüren Belli Ýurtlaryň Hataryna Goşuldy

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň öndüren milli deňiz topy bilen indi şol ýarag ulgamyny öndürýän sanalgy ýurtlaryň hataryna goşulandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada geçirilen Maşyn guluşyk we himiýa senagatynyň Deňiz topunyň guryýer atyşlaryna bagyşlanan çärä wideo ýüzlenme ugratdy.

Erdogan Türk goranyş senagaty taýdan taryhy günlerden biriniň başdan geçirilýändigini beýan edip; “Deňiz topy deňiz flotlarynyň esasy faktorlardan biri hökmünde öňe saýlanýan ýarag ulgamlarydyr. Harby gämileriň zarba uruş güýji bolan bu ýarag ulgamlary söweş meýdanynda möhüm pozisiýa eýeleýär” diýdi.

Türkiýänin goranyş senagatyny ýerlişeşdirme tagallalaryna 1 ýyl ozal deňiz topuny hem goşandyklaryny nygtan Erdogan, beýleki ugurlarda bolşy ýaly deňiz topunda-da ýurduň daşarky garaşlylygyny ortadan aýyrandyklaryny beýan etdi.

Erdogan; “Türkiýe öndüren milli deňiz topy bilen indi şu ýarag ulgamyny öndürýän sanalgy ýurtlaryň hataryna goşuldy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara Jemgyýetçiligi Ysraýyla Reaksiýa Bildirmeli
Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny
Prezidentiň Kubogyna Anafoly Efes Eýe Boldy