“Türkiýe, Daşary Ýurtly Maýadarlar Üçin Ynamdar Port Bolmaga Dowam Edýär”

“Türkiýe, Daşary Ýurtly Maýadarlar Üçin Ynamdar Port Bolmaga Dowam Edýär”

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident R. T. Erdogan, Türk-Amerikan işewürler geňeşi tarapyndan berlen nahara gatnaşdy.

Prezident Erdogan naharda eden çykyşynda Türkiýäniň orta möhletde durmuşa geçirjek işleri barada durup geçdi we ykdysady reformalaryň dowam etjekdigini nygtady.

Erdogan, türk lirasynyň daşary ýurtly pul birlikleri bilen deňeşdirilende hümmetiniň artandygyny belledi.

Maliýe durnuklylyga ünsi çeken Erdogan, maýadalara Türkiýede maýa goýmaklary üçin çagyryş berdi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň halkara maýadalar üçin ynamdar port bolmaga dowam edýändigine ünsi çekdi.

Erdogan “Türkiýe syýasy durnuklylygy, hünärmen iş güýji, ýaş ilaty, içerki bazary, strategik ýerleşişi we döwrebap logistiki infrastrukturasy bilen halkara maýadarlar üçin ynamdar port bolmaga dowam edýär” diýdi

Daşary syýasat barada hem durup geçen Erdogan, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan “Bize garşy bolan ähli bökdençiliklere we bahanalara garamazdan 60 ýyldan bäri ÝB-ne doly agza bolmak üçin tagalla edýäris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

“Biz Özara Ynama we Bähbide Esaslanýan Agzalyk Etabymyzyň Depginini Güýçlendirmegi Arzuw Edýäris”
Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Germaniýanyň Prezidenti Ankarada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar