Türkiye Bolgariýa ýangyn söndürmek boýunça kömek berer

Türkiye Bolgariýa ýangyn söndürmek boýunça kömek berer

Türkiyäniň Kyryklareli welaýatyndan 32 adamdan ybarat bolan topar, Türkiye serhedindäki Swilengrad etrabynda dowam edýän ýangyn söndürmek işlerine goldaw bermek maksady bilen Bolgariýa gitdi.

Swilengrad etrabynyň golaýynda 13-nji iýuldan bäri dowam edýän tokaý we meýdan ýangynlaryna garşy göreş alyp barýan Bolgariýanyň resmileri, Kyryklareli welaýatynyň gubernatorlygyndan ýangyn söndürmek işleri boýunça kömek sorady.

Şoňa laýyklykda Kyryklareli welaýatynyň häkimi Birol Ekijiniň görkezmesi boýunça 32 adam ybarat topar döredildi.

Topar we ýörite ulaglardan ybarat bolan ulag kerweni Bolgariýa geçip, ýangyn söndürmek işlerine goldaw berer.

Edirne welaýatynda bolsa dikuçarlar we uçarlar taýar ýagdaýda garaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar Aýynda Türkiýä 2 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Antalýadan 37 Ýurda Gül Eksport Edildi
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Russiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Bolgariýada hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer
Bolgariýada ýewrony dolanyşyga girizmek barada kanun kabul edildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
Prezident Erdogan, Bolgariýa Gynanç Bildirdi