Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, “Garadeňiziň kenarynda ýerleşýän we ýerleşmeýän ähli ýurtlara harby gämileriň bogazlardan geçmezligi meselesinde duýduryş berdik” diýdi.
Paýtagt Ankarada metbugata beýannama berem Mewlüt Çawuşogly, 1936-njy ýylda baglaşylan Montr Bogazlar şertnamasynyň öz güýjüni gorap saklaýandygyny nygtady.
Çawuşogly “Türkiýäniň söweşmeýän bolsa-da, söweşýän taraplaryň harby gämileriniň bogazlardan geçmegine rugsat bermezlik ygtyýary bar. Harby gäminiň diňe Garadeňizdäki bazasyna dolanmagyna rugsat berilýär. Montr şertnamasynyň bize berýän ygtyýaryndan peýdalanýarys” diýdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, şol çäkde Garadeňize kenardaş ýurtlara Bosfor we Dardanel bogazlardan harby gäminiň geçmegine rugsat bermejekdigimiz barada duýdyryş berlendigini nygtady.
Mewlüt Çawuşogly “Russiýadan ýada Ukrainadan häzire çenli bogazlardan harby gäminiň geçmegi meselesinde hiç hili talap gelmedi” diýdi.