Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä ylalaşyga Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bilen paýtagt Ankarada saparda bolan Yrak Respublikasynyň Emigrasiýa we Öz ýerlerinden göçürilenler ministri Ewan Faik Jabro gol çekdiler.
Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň esasynda Türkiyede ýaşaýan Yrakly raýatlaryň meýletin ýagdaýda öz ýurtlaryna gaýtmaklary üpjün ediler.
Migrasiýa dolandyrylyşynda has durnukly we howpsuz çemeleşmäniň maksat edinilen ylalaşygyň çäginde, tertipsiz we bikanun migrasiýanyň öňüni almak üçin hyzmatdaşlyk ediler.