Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Şwesiýanyň terror guramasy PKK, PKK/ÝPG we FETÖ garşy alyp barýan göreşini dowam etdirmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Fidan, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Maria Malmer Stenergard we Şwesiýanyň Adalat ministri Gunnar Strömmer bilen paýtagt Ankarada Daşary işler ministrliginde geçirlen Türkiýe-Şwesiýa howpsuzlyk maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Maslahatda terror guramalaryna garşy göreş we halkara howpsuzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Fidan, Şwesiýanyň terror guramasy PKK, PKK/ÝPG we FETÖ garşy alyp barjak göreşi we görüljek çäreler hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Ministr Fidan, “Türkiýe hökmünde Şwesiýanyň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam edýäris. Şwesiýanyň bu oňyn çemeleşmesi, NATO-nyň terrora garşy göreşi ukybyny we güýjini artdyrar”diýip belledi.

Hakan Fidan nobatdaky howpsuzlyk maslahatyna Şwesiýanyň ýer eýeçiligini etjekdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny