Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar

Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar

Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagy etaby gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.Emma heniz etap hakynda giňişleýin garaýyş beýan etmek üçin ýeterlik maglumat ýok.

Ne Türkiýe ne-de Siriýanyň hökümeti etap hakynda anyk maglumat bermedi.Prezident R.T.Erdogan, özü bilen duşuşmaga taýardygyny aýdan Başar Asada bilen duşuşmaga oňyn garaýar.

Milli Howpsuzlyk gullugy hem Türkiýäniň yzygiderli çözgüt üçin Siriýadaky ähli taraplar bilen ylalaşygyň gazanylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Beýleki tarapdan Russiýa hem iki lideri duşuşdyrmak üçin işjeň diplomatiýa alyp barýar. Berilýän beýannamalarda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasynda ýokary derejeli duşuşygyň geçirlip bilinjekdigi nygtaldy. Türkiýeli ýolbaşçylar, esasan bosgunlaryň yzyna dolanmagy we terrora garşy göreş boýunça giň gerimli meýilnamanyň üstünde işleýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň direktory Prof. Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagy etaby uzak wagt dowam edip biler.Etabyň çäginde ilkinji nobatda taraplar ynamy artdyryjy çäreler we ýörelgeler boýunça ylalaşyk gazanmaly.

Türkiýe ilkinji nobatda bosgunlaryň yzyna dolanmagy we terrora garşy göreş meselesinde Siriýanyň anyk başlangyç etmegine garaşýar.Ankara, siriýaly oppozisionerleriň hem diplomatik etaba degişli edilmegine garaşýar.Siriýanyň hökümeti bähbitlerini hasam artdyrmak ýada wagt utmaga çalşan halatynda, Ankara etaby ýaňadandan gözden geçirer.

Ýokardaky maglumatlary görä, etapda wagt dolanşygy meselesi esasy rol oýnar. Meseleleri wagtyndan ir çözmek hem beýle aňsat däl. Siriýaly bosgunlar meselesi hem etapda uly rol oýnaýar.

Bosgunlaryň öýlerine dolanmak islemegi meselesi hem bu etapda uly rol oýnaýar.Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky sebitleriň esasy böleginde soňky 10 ýylda köp zat üýtgedi we ýurdy terk edenleriň öýlerinde häzirki wagtda başgalary ýaşaýar.

Bosgunlaryň Siriýanyň demirgazygyna ornaşdyrylmagy meselesi etabyň iň kyn ugurlaryndan biri.Bosgunlaryň şol sebitlere ornaşdyrylmagy meselesi boýunça uly kynçylyklar başdan geçirilýär.Bu mesele hem olaryň yzyna dolanmakda ikirjiňli hereket etmeklerine sebäp bolýar.

Siriýanyň hökümetiniň alyp barjak syýasaty bu meselede kesgitleýji bolar.Siriýanyň hökümeti, emlak düşnüşmezlikleriniň çözülmegi we halkyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly birnäçe ugur boýunça amatly şert döretmeli bolar.Degişli çäreler görülmän halatynda yzyna dolanan bosgunlaryň sany gaty pes bolar we etapda uly bökdençlikler ýüze çykyp biler.

Türkiýe kadalaşma etabyna uly alada bildirýär.Bu meseläni çözmek üçin Ankara giň gerimli iş meýilnamasyny taýarlaýar.Esasy maksat bosgunlaryň yzyna dolanmagy üçin howpsuzlyk, syýasy we ykdysady taýdan amatly şertiň döredilmegi.

Türkiýede bosgunlaryň sanynyň köpelmegine garşy durýanlaryň sany gün saýyn artýar.Kadalaşma etaby ýaly bu mesele hem diýseň möhüm. Şol sebäpli hem türk hökümetiniň, Türkiýedäki siriýalylaryň yzyna dolanmaklary üçin olary ynandyrjak we köşeşdirjek täze aragatnaşyk strategiýasyny kabul etmegi iňňän möhüm.

Türkiýedäki siriýaly bosgunlaryň etaba degişli edilmegi, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we meýilnamanyň netijeli bolmagy taýdan hem diýseň möhüm.

Siriýaly oppozisionleriň roly meselesi hem bu etapda uly rol oýnaýar. Etaba goldaw berýän harby toparlar hem bar, garşy durýanlar hem. Howpsuzlyk taýdan ser salnanda türk hökümetinin harby oppozisionerler bilen utgaşykly ýagdaýda işleşmegi diýseň möhüm. Daşary işler ministri Hakan Fidanyň “Siriýaly oppozisionerleri ýalňyz goýmarys” diýen beýannamasy hem şol maksady açyk aýdyň görkezýär.

Siriýanyň demirgazygynyň howpsuzlygy meselesiniň ýaňadandan ele alynmagy, syýasy we ýerli dolanşyklaryň gözden geçirilmegi iş meýilnamasynyň netijeliligi taýdan möhüm. Türk hökümetiniň ýokarda ady agzalýan ugurlary ünslilik bilen seljerip iş meýilnamasyny taýarlamagyna garaşylýar.

Terrora garşy göreş we durnuklylygyň ýola goýulmagy Ankara bilen Damaskyň arasyndaky gepleşiklerde kesgitleýji bolar. Şeýle bolman halatynda bu ýagdaý esasan harby oppozisionerleriň arasynda garaýyş tapawutlulygyna sebäp bolar we etap çykgynsyz ýagdaýa geler.

Bölünşigiň öňüni almak we olaryň goldawyny almak üçin siriýaly oppozisionerler bilen utgaşykly hereket edilmeli. Türk hökümeti goldaw berýän we garşydaş toparlaryň aladalaryna üns bermeli. Şeýle bolan halatynda Ankara Damask bilen geçirjek gepleşiklerinde täsirini has-da güýçlendirer.

Ankara häzirki wagtda iş meýilnamasynyň üstünde işleýär. Asyl etap Erdogan-Asad duşuşygyndan soň başlar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär
Başar Asad wakalardan soň ilkinji gezek beýannama berdi
BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy
Damaskda köpçülikleýin gubyr we neşe zawodlary tapyldy
Hakan Fidan Iordaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi