Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Türkiýe bilen Russiýanyň tebigy gaz merkezi bolmagy üçin edilýän hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.
Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.
Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda tebigy gaz merkeziniň döredilmegi bilen arabaglanşykly taslama hakynda durup geçen Peskow, bu meselede hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini nygtady.
Halkara jenaýat kazyýetiniň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Russiýanyň Çagalaryň hukuklary boýunça komisary Mariýa Belowanyň harby jenaýat edendikleri sebäpli tussag edilmegi barada kabul eden karary hakynda durup geçen Peskow, dünýäde Russiýa we Putine garşy duşmançylykly tutumyň alnyp barylýandygyny aýtdy.