“Türkiýe Bilen Müsür, Taryhy we Medeni Geçmişinden Ylham Alýar”

“Türkiýe Bilen Müsür, Taryhy we Medeni Geçmişinden Ylham Alýar”

Prezident R. T. Erdogan, Müsür bilen Türkiýäniň asyrlardan bäri şol bir taryhy we medeni geçmişe eýedigini aýtdy.

Resmi sapar bilen Müsüre giden Prezident Erdogan kärdeşi Abdulfettah As Sisi bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Asyrlardan bäri taryhy we medeni geçmişe eýe bolan Türkiýe bilen Müsüriň, şol taryhy mirasyndan ylham alýandygyny we özara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak isleýändigini nygtan Erdogan “Gadyrly doganymy ilkinji pursatda Ankara çagyrýaryn.

Bu sapar gatnaşyklarymyzda täze döwrüň başlangyjy bolar.Söwda we ykdysadyýet özara hyzmatdaşlygymyzyň özenini emele getirýär. Şu gün geçiren gepleşiklerimizde özara söwda mukdaryny gysga wagtda 15 milliard dollara ýetirmek boýunça ylalaşyk gazandyk. 3 milliard dollara golaýlan maýa goýumlarymyzy hem artdyrmak isleýäris.

Bu ugurlar boýunça görüljek goşmaça çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Prezident Erdogan, Müsür bilen syýahatçylyk, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hem tagalla etjekdiklerini belledi.

Kairde iş alyp barýan Ýunus Emre institutynyň dünýäde türk dilini öwredýän esasy merkezlerden biridigini aýdan Erdogan, geçen ýyl müsürli 22 müň adamyň türk dilini öwremek üçin ýüz tutmagyna kanagatlanma bildirýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Müsür Gaza Sektorynda Hüjümleriň 2 Gün Möhlet Bilen Bes Edilmegini Teklip Etdi
Sisiniň Ankara Sapary
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny