“Türkiýe Bilen Edýän Strategik Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmaga Dowam Ederis”

“Türkiýe Bilen Edýän Strategik Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmaga Dowam Ederis”

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, “Doganlyk ýurt Türkiýe bilen edýän strategik gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga dowam ederis” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurdunda saparda bolýan Prezdent R. T. Erdogan bilen Akorda köşgünde duşuşdy.

Prezident Tokaýew özara duşuşykdan soň beren beýannamasynda, Prezident Erdogan Türk dünýäsiniň ata ýurdy Gazagystanda myhman almakdan hoşaldygyny belledi.

“Sapar Gazak-Türk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar” diýen Tokaýew, şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilýändigini we ady agzalýan döwürde iki ýurduň arasynda özara bähbide we ynama esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň pajarlap ösendigini nygtady.

Maý aýynda Türkiýä guran resmi saparynyň çäginde Prezident Erdogan bilen “giňeldirilen strategik hyzmatdaşlyk” teswirnamasyny baglaşandyklaryna ünsi çeken Tokaýew, iki ýurduň biri-birine has ýakyn doganlyk döwletlerdigini ýatladyp “Türkiýe bilen edýän strategik gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga dowam ederis.

Halkara meselelerde umuman alnanda şol bir garaýyşlara goldaw berýäris.Bu diýseň möhüm.Biz sebitara we halkara derejesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etmek meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gazagystan resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Gazagystanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Gazagystanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Mongoliýa barar