14-nji maýda Stambul şäherinde Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow tarapyndan Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gol çekişildi. Bu barada TRT türk teleýaýlymy habar berýär.
A.Baýraktar dabaradan soň geçirilen metbugat ýygnagynda gol çekilen ylalaşykda Azerbaýjandan we Hazar sebitinden Türkiýä, şeýle hem Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa goşmaça mukdarda tebigy gazyň iberilmegini göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen türkmen gazynyň Türkiýe iberilmegi barada hem ylalaşdyk diýip, A.Baýraktar belledi.
Ol iki ýurduň Baku — Tbilisi — Jeýhan nebit geçirijisi ýaly köp sanly taslamany bilelikde durmuşa geçirendigini aýtdy. Bu nebit geçirijisi Azerbaýjanyň, şeýle hem Hazar we Kawkaz sebitleriniň nebitini Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazarlaryna ibermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Baku — Tbilisi — Jeýhan nebit geçirijisiniň Merkezi Aziýanyň türk döwletlerini birleşdirmekdäki ähmiýetiniň hem uludygyny belläp geçdi.