Türkiýe Bilen Azerbaýjan Syýahatçylyk Pudagy Boýunça Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny Baglaşdy

Türkiýe Bilen Azerbaýjan Syýahatçylyk Pudagy Boýunça Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny Baglaşdy

BMG-nyň Howa çalşygy hakyndaky çarçuwaly konwensiýasyna tarap bolup durýan ýurtlaryň 29-njy konferensiýasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Syýahatçylyk gullugynyň başlygy Fuad Nagiýew bilen duşuşdy.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň sýahatçylyk pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk edýändigini aýdan Ersoý, gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynyň gerekdigini ýatlatdy.

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy taýdan uly tejribä eýedigini nygtan Ersoý, “Syýahatçylyk tejribelerimizi doganlyk ýurt Azerbaýjan bilen paýlaşmaga taýar” diýdi.

Azerbaýjanyň Syýahatçylyk gullugynyň başlygy Fuad Nagiýew “Özara gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga taýar. Türkiýäniň syýahatçylyk tejribesinden peýdalanmak isleýäris” diýdi.

Ersoý bilen Nagiýew, iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antalýa 15 Million 300 Müň Syýahatçy Geldi
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar
Abdulhamit Süleýman Çolpan