Türkiýe Bilen Alžiriň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar

Türkiýe Bilen Alžiriň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezident R. T. Erdoganyň dowam etdirýän liderlik diplomatiýasy netijesinde, Türkiýäniň we guramalarynyň gün saýyn güýçlenýändigini nygtady.

Fahrettin Altun, Türkiýe bilen Alžiriň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnalary hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, paýtagt Ankarada, Prezident Erdoganyň we Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbunyň gatnaşmagynda, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen magdançylyk, daşky gurşaw, bilim, medeniýet, sungat we goranyş senagaty pudagy boýunça birnäçe şertnama baglaşylandygyny belledi.

Iki ýurduň arasynda media we kommunikasiýa pudagy boýunça baglaşylan şertnamanyň düşümli bolmagyny dilän Altun “ Dünýäniň uly krizislere garşy göreşýän döwründe Prezidentimiziň liderliginde ýurdumyz birnäçe ýurt bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşýar. Prezidentimiziň dowam etdirýän liderlik diplomatiýasy netijesinde baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamalary bilen ýurdumyz hem-de guramalarymyz gün saýyn güýçlenýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Fahrettin Altun Azerbaýjanyň prezidentiniň geňeşçisi Hajyýew bilen duşuşyk geçirdi
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi