Türkiýe Bazeldäki hüjümi ýazgardy

Türkiýe Bazeldäki hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Şweýsariýanyň Bazel şäherinde düýn 23-nji aprel Halkara Çagalar festiwalyna gatnaşýan adamlara garşy terror guramasynyň tarapdarlary tarapyndan guralan hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip habar berildi.

Bir terror guramasynyň we tarapdarlarynyň Ýewropanyň merkezindäki çagalar şüweleňini nyşana aljak derejede peselmeginiň, terror guramasynyň elhenç ýüzüni halkara jemgyýetine ýene-de bir gezek görkezendigi bellenen beýanatda: "Hüjümde ýaralanan raýatlarymyza gyssagly şypa dileýäris, bu elhenç aksiýanyň jogapkärleriniň tiz wagtda adalada tabşyrylyp, hak eden jezalaryna almaklaryna garaşýarys" diýip mälim edildi.

Bazel şäherindäki çärä gatnaşan türk raýatlar ekstremist terror guramasynyň tarapdarlary tarapyndan hüjüme sezewar galypdylar.

Ekstemist terror guramasy PKK-nyň tarapyny tutup we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana garşy şygarlar aýdan takmynan 30 adamdan ybarat topar, ondan soň bolsa festiwal meýdançasyndaky barýerleri aýyryp çärä gatnaşýan adamlara hüjüm gurapdylar.

Hüjümde 6 adam ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Siriýanyň Manbij etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Ysraýylyň Gazadaky Hüjümleri Dowam Edýär