Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Türkiye we Azerbaýjan, hemişe Bir Millet Iki Döwlet bolup, jebis we agzybir bolmagyny dowam etdirer. Garabagda gahrymançylykly göreş bilen öz topraklaryny basybalyjylykdan azat eden we türküň güýjüni bütin dünýä görkezen Azerbaýjan türk doganlarymyzyň 8-nji noýabr Ýeňiş gününi gutlaýarys" diýip habar berildi.
Şu gün, 2020-nji ýylda Ermenistanyň 30 ýyllyk basybalyjylygyna bes etdiren Garabag Ýeňşiniň 4-nji ýyly.
Azerbaýjan, bu taryhy üstünligini belläp geçmek maksady bilen her ýyl 8-nji noýabrda çäreler geçirýär.