
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Krym tatar kowumdaşlarymyz Jemil Gafarow, Serwet Gaziýew, Erfan Osmanow, Alim Karimow we Seýran Murtazanyň düýn kabul edilen karar bilen 13 ýyl azatlykdan edilmegine alada bildirýäris" diýip habar berildi.
Krym tatarlarynyň ata watanlarynda erkin we howpsuz ýagdaýda ýaşamak baradaky hukuklaryny Türkiyäniň goldaýandygy bellenen beýanatda: "Ady agzalanlar we ozal hem şuňa meňzeş ýagdaýda azatlykdan mahrum edilen Krym tatar Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelal, Asan Ahmetow we Aziz Ahmetow bilen birlikde Krymda syýasy sebäpler bilen tussaglykda bolan ähli kowumdaşlarymyzyň iň gysga wagtda azatlyklaryna we maşgalalaryna gowuşmaklary üçin gerek bolan ädimleriň edilmegine garaşýarys" diýip mälim edildi.