Türkiýe Awstriýanyň Kansleriniň sözlerine reaksiýa bildirdi

Türkiýe Awstriýanyň Kansleriniň sözlerine reaksiýa bildirdi

Mesele bilen bagly soraga ýazmaça jogap beren Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç: "Bütin dünýä täsir ýetiren we her kimiň umumy meselesi bolan durnuksyz immigrasiýa meselesini çözmek üçin umumy tagallany we hyzmatdaşlygy belläp geçmegiň ýerine, bosgunlar bu ýere gelmesin, başga ýere gitsin diýip bellemegi hem egoist hem-de hiç tarapa peýda getirmejek bir çemeleşmedir.

Türkiýe sebitden gözbaş alýan global bosgun krizisiniň netijesini öz üstüne almaz we täze bir bosgun tolkunynyň hem hötdesinden gelmez.Bu pozisiýamyzy islendik pursat we ähli derejede söhbetdeşlerimize ýetirýäris, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň serhet goragçysy ýa-da bosgun düşelgesi bolmajakdygyny nygtap geçýäris" diýip habar berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç: " Awstriýanyň Kansleri Sebastýan Kursyň gazetleriň birine beren beýanatynda, owgan bosgunlar üçin Türkiýäniň has dogry bir ýer diýip bellemegine geň galdyk. Ähli zatdan ozal Türkiýe Awstriýanyň Kansleri Sebastýan Kursyň aýdyşy ýaly Owganystana goňşy bir ýurt däldir" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Mustafa Şentop Awstriýanyň Premýer ministri Kurs bilen duşuşdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Fransiýaly Okon karýerasynda ilkinji gezek Formula-1 tapgyrynyň ýeňijisi boldy