Türkiýe asyry

Türkiýe asyry

Synymyzyň bu günki sanynda Türkiýe asyry hakynda maglumat bermekçi.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 14-28-i aralygynda geçirlen saýlawdan soň Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etdi.Ministrler kabinetinin täze düzüminde Milli howpsuzlyk gullugynyň başygy Hakan Fidan Daşary işler minisri, Mehmet Şimşek bolsa Gazna we maliýe ministri hökmünde bellendi.

Bellenen beýleki ministrer bilen bilelikde Türk asyryna tarap barýan ýolda Ministrler kabinetinin täze düzümi güýçli ýolbaşçylardan ybarat boldy.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgaýyňyza ýetirýäris.

Türkiýede maý aýynyň 14-de we 28-de yzly yzyna geçirlen saýlawlarda Prezident Erdogan bilen Halk ýaranlygy uly üstünlik gazandy.Kemal Kylyçdaroglynyň ýolbaşçylygyndaky Millet ýaranlygy bolsa agyr ýeňilişe sezewar boldy.

Saýlawyň netijeleriniň belli bolmagyndan soň Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky ministrler kabinetiniň täze düzümi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeledi.Sebäbi Türkiýäniň täze döwürde täsirli iş meýilnamasynyň alnyp barylmagy taýdan ministrler kabinetiniň düzümi diýseň möhümdi.

Prezident Erdogan güýçli we tejribeli ýolbaşçylardan ybarat bolan ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etdi. Şeýlelikde ykdysady, daşary syýasat we howpsuzlyk taýdan Türkiýäniň ugry belli boldy.

Ozal uzak ýyllaryň dowamynda Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesini ýerine ýetiren, Türkiýede we halkara derejesinde ýakyndan tanalýan Hakan Fidan Daşary işler ministrligine bellendi. Erdoganyň täze döwürde işjeň we güýçli daşary syýasat alyp barmagy taýdan Hakan Fidan ýaly güýçli ýolbaşçynyň bellenmegi diýseň möhüm.

Şeýle hem Hakan Fidanyň MHG-nyň başlygy mahalynda iş alyp baran sebitleri bilen bagly dosýeler elinde bolany üçin, yzgiderlilik hem bar diýmeklikdir.Fidan döwründe ABŞ-Russiýa deňagramlygy goralyp, esasanda sebitleýin kadalaşma taýdan hem möhüm wakalar bolar.

Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Müsür bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy mümkin görünýän bolsa, Siriýa dosýesi hem diplomatik taýdan gün tertibinde bolar.Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň arasynda ylalaşyk tagallasy netijeli tapgyra tarap gider.

Beýleki bir möhüm wezipe bolsa Mehmet Şimşege berildi.Gazna we Maliýe ministrligine bellen Şimşek halkara düzgünlere we kadalara tabyn, liberal ykdysady modeliň tarapdarlaryndan biri. Şeýlelikde täze döwürde Türkiýäniň ykdysady modeliniň gaýtadan şol çäkde bir ugra gönükjekdigi görülýär.

Merkezi bankyň başyna hem şol bir syýasaty kabul eden biriniň gelmegi ähtimal görünýär.Söwda minsitri Ömer Boladyň hem utgaşykly işlemegine garaşylýar. Şeýlelikde täze döwürde syýasy göterimleriň ýokarlandyrylmagyna, inflýasiýanyň aşakladylmagyna esaslanýan pul syýasatyna esaslanýan işler alynyp barylar we Türkiýe üçin esasy meselelerden biri bolan ykdysadyýetiň güýçli hökümet bilen täze abatlaýyş döwrüne şaýatlyk ederis.

Içeri işler, goranmak ýaly howpsuzlyk bilen bagly ministrliklere hem güýçli ýolbaşçylar bellendi. Şol çäkde bar bolan howpsuzlyk paradigmasynyň dowam etjekdigi, Türkiýe Asyry atlandyrylýan täze döwürde Prezident Erdoganyň liderliginde daşary syýasat, ykdysadyýet we howpsuzlyk syýasatynyň başda durmagynda Türkiýäniň güýçli ministrler kabineti bilen ýoluna dowam etjekdigi görülýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni kabul etdi