Beýannamada; “Ministrler bilelikde ýüzlerçe radikal ysraýylly tarapyndan Al-Aksa metjidine polis goraýynda reýd geçirilmegi, Iýerusalimiň taryhy hukuk derejesine bap gelmeýän we sebitimizdäki dartgynlygy hasan güýçlendirjek meçew bermedir” diýilýär.
Ministrligin ýazmaça beýannamasynda; “Bu meçew beriji aksiýa Ysraýyl tarapynyň parahatçylyk niýetinin ýokdugyny ýene-de bir gezek görkezýär” diýilip; “Ysraýylyň hökümetiniň Gazada dowam etdirýän wagşylygynyň öňüniň alynmagy we bütin sebitimiziň durnuklylygyny nyşana alýan şeýle aksiýalaryň bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçilik dessine işe girişmeli” diýlip, çagyryş edilýär.
Palestina degişli ýerleri basyp alan ysraýyllylar düýn ir-ertirden bäri uly toparlar görnüşinde Ysraýyl polisiniň goragynda Al-Aksa metjidine reýd gurapdy.