Türkiyäniň Daşary işler ministrligi degişli karar barada ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda DKTR-nyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bu meselede berilen beýanatda berilen garaýyşlaryň paýlaşylýandygy bellenip: "ABŞ tarapyndan çap edilen Kipriň Grek böleginiň ýarag satuwy we harby tälim üçin amatly bir ýurt hökmünde kabul edilmegi baradaky karary ýazgarýarys. Adadaky ýarag işjeňligini artdyrjak bu karary düýpli ýalňyşlyk hasaplaýarys" diýip habar berildi.
Sebitiň aşa duýgur döwri başdan geçirýändigini göz öňünde tutup, beýanatda ähli taraplaryň prowokatiw ädimlerden gaça durmagynyň we paýhasly çemeleşmegiň möhümdigi nygtalyp: "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýakyn wagtda işe girişjek täze hökümediniň häzirki Prezident tarapyndan edilen bu ýalňyş ädimden ýüz öwürmegine garaşýarys.
Ata Watan we kepillendiriji döwlet hökmünde Türkiye, DKTR-nyň goranmak we eýmendirmek mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen etjek ädimlerini goldamaga dowam ederis" diýip mälim edildi.