Milli Funduk geňeşi we Giresun Söwda biržasynyň başlygy Hamza Bölük, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan eksport möwsüminiň 2024-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanjakdygyny habar berdi.
Geçen möwsümde 294 müň tonna önümiň dünýäniň tapawutly ýurtlaryna eksport edilendigini aýdan Hamza Bölük: "Şu ýyl hem şoňa ýakyn görkeziji eksportyny amala aşyrmaga garaşýarys. 21-nji aprele çenli 205 müň tonna funduk maňzy eksport edildi.
Mundan soňky tapgyrda 80-85 müň tonna aralygynda eksport amala aşyrmagy umyt edýäris.Eksportdan 1,8-2 milliard dollar aralygynda girdeji alynjakdygyny pikir edýärin" diýip mälim etdi.