Türkiýäniň ýygyndysy soňky çärýek finalçy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynda iň soňky çärýek finalçy hem belli boldy. Çekeleşikli geçen oýundan soň Türkiýäniň ýygyndysy adyny yklym ýaryşynyň iň gowy 8 toparynyň hataryna ýazdyrdy.

Leipsig şäherindäki “Red Bull Arena” stadionynda oýnalan oýna Awstriýanyň ýygyndysy esasy faworit bolup çykdy. Ýöne oýnuň eýýäm 1-nji minudy dolmanka, has takygy, 57-nji sekuntda goragçy Merih Demiral hasaby açdy.

Bu çempionatyň taryhyndaky iň çalt 3-nji, pleý-off tapgyrynyň bolsa iň çalt goly hökmünde hasaba alyndy.Duşuşygyň 1-nji ýarymy şol hasap bilenem tamamlandy.Oýnuň 2-nji ýarymynyň ilkinji minutlarynda-da janköýerler 2 goluň şaýady boldular.

Olaryň ikisi-de edil 1-nji gol ýaly burçdan urguda derwezä girizildi.Duşuşygyň 59-njy minutynda ýene-de Merih Demiral bu gezek kelle urgusy bilen tapawutlanyp, Türkiýäniň ýygyndysynyň peýdasyna hasaby 2-0-a ýetirdi.

Bu goldan 7 minut soň, ýagny 66-njy minutda oýna soň goşulan Gregoriç aratapawudy 1 gola düşürdi. Şondan soňam Awstriýanyň ýygyndysy hasaby deňlemek üçin tagalla baryny etdi.Duşuşygyň iň soňky sekuntlarynda türkiýeli derwezeçi Mert Günok derwezä barýan topy saklap, toparyny goldan halas etdi. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Türkiýäniň ýygyndysy 2000-nji we 2008-nji ýyllardan soň 3-nji gezek çärýek finala çykdy.

Fransiýadyr Niderlandlar ýaly güýçli ýygyndylarda öňe saýlanyp, toparçasynda 1-nji orny eýelän we bassyr 2-nji gezek 1/8 finala çykan Awstriýanyň ýygyndysy ilkinji sapar çärýek finala çykmak mümkinçiligini ýene bir ýola elden giderdi.

Türkiýäniň ýygyndysy şenbe güni, 6-njy iýulda çärýek finalda Niderlandlaryň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Çempionatyň 700-nji goly we Awstriýanyň ilkinji ýeňşi
ÝHHG Aşgabatda žurnalistleriň hünär taýýarlygyna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi
Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyna taryhda ilkinji gezek zenan maşgala ýolbaşçylyk eder
ABŞ-nyň iki sany ştatynda agyz-burun örtügini geýmeklik baradaky talaplar ýatyrylýar
Tehasda 9 milliona golaý adam agyz suwy meselesine duçar boldy
Wenesuelanyň lideri Maduro, COVID-19-a garşy gudratly derman tapandyklaryny habar berdi