Türkiýäniň Ýygyndysy EURO 2024-de Ýoluna Dowam Edýär

Türkiýäniň Ýygyndysy EURO 2024-de Ýoluna Dowam Edýär

Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy soňky 16 komandanyň hatarynda ýer almagyň hötdesinden geldi.

Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy Germaniýada geçirilýän EURO 2024-de Çeh Respublikasynyň milli ýygyndy komandasy bilen duşuşdy.

Duşuşykda Çeh Respublikasynyň milli ýygyndy komandasyny 2-1 hasabynda utan Türkiýäniň milli ýygyndy komandasy, F toparyny ikinji ýerde tamamlady we EURO 2024-de ýoluna dowam edýär.

Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasy soňky 16 tapgyrynda Awstriýa bilen bäsleşer.

Toparyň beýleki duşuşygynda Gruziýa, Portugaliýany 2-0 hasabynda utdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Ýygyndysy Çärýek Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
EURO 2024 Çempionatynyň çäginde düýn iki aýry duşuşyk geçirildi
Pariž 2024: Ispaniýa 32 ýyldan soň altyn medala mynasyp boldy
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
EURO 2024 çempionatynyň final tapgyryna çykjak ýygyndynyň ilkinjisi şu gün belli bolar