
Futbol boýunça UEFA Milletler Ligasynyň B ligasynda 3-nji toparçada Türkiýäniň ýygyndysy öz meýdançasynda Russiýanyň ýygyndysyny 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Bu ýeňiş türkleriň ruslary 36 ýyldan soň ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.
Türklere ýeňiş getiren gollary Kenan Karaman (26), Jengiz Ünder (32) hem-de Jenk Tosun (51 p) derwezä girizdi.Ilkinji bolup hasaby açýan Russiýanyň ýygyndysynyň adyndan 11-nji minutda Denis Çeryşew 57-nji minutda Daler Kuzýaýew tapawutlandy.
Oýnuň 24-nji minutynda Russiýadan Andreý Semýonow gyzyl kart aldy.Taryhynda ilkinji gezek 8-nji duşuşykda Türkiýäniň ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysy ýeňmegi başardy.Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky mundan öňki 7 oýunda ruslar 4 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle-de Türkiýäniň ýygyndysy 2020-nji ýylda 4 deňlikden soň, ilkinji gezek ýeňiş gazanmagy başardy.
Toparçada Russiýadyr Wengriýanyň 8, Türkiýäniň 6, Serbiýanyň 3 utugy bar.