Türkiyäniň Yrak serhedinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynyň Dügün dagy diýilýän ýerinde 2 howa ulagynyň Yrak serhedinden Türkiyä geçip, serhet düzgünini bozandygy anyklandy.

Wakadan soň terrorçylar ýaragly uçarmansyz howa ulaglary we Atak dikuçarlary bilen nyşana alyndy.

PKK-ly terrorçylar bilen bilen bolan çaknyşygyň netijesinde 4 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi we 2 sany motoparaplan ele salyndy.

Aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendikleri anyklanan terrorçylaryň ýanynda 2 sany M-16 tüpeňi, 2 sany M-4 tüpeňi, 2 sany öýjükli telefon, 1 sany lazer ölçeg, 2 sany Glock sapança, 6 sany batareý blogy, 1 motosikl akkumulýatory we beýleki enjamlar ele salyndy.

Ýene degişli makalalar

“PKK-nyň Yrakda Iş Alyp Barmagy Bizi Biynjalyk Edýär"
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe we Yrak Harby-Howpsuzlyk Hyzmatdaşlygy Hakynda Ylalaşyga Gol Çekdi
ABŞ Siriýa Terrorçy Ornaşdyrýar
Yrakda PKK bilen arabaglanşykly partiýalar gadagan edildi