Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz: "Orta möhletli maksatnamanyň maksady inflýasiýany bir belgili sana ýetirmek, maýa goýum, iş üpjünçiligi, önümçilik we eksport ugurlarynyň artdyrylmagy, girdejiniň jemgyýetiň ähli gatlaklaryna adalatly paýlanmagydyr" diýip belledi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde 2025-2027-nji ýyllary öz içine alýan Orta möhletli maksatnamany (OMM) aýan etdi.

Jewdet Ýylmaz: "Inflýasiýanyň kem-kemden bir belgili sana ýetirmegi maksat edinýäris" diýip belledi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz şu ýyl üçin ösüş maksatnamasynyň 3,5 göterimdigini beýan etdi.

Jewdet Ýylmaz ösüş ýolunyň dezinflýasiýa tapgyryna laýyk gelýändigini aýtdy.

Jewdet Ýylmaz: "Täze Orta möhletli maksatnama döwri Türkiyäniň ykdysady gurluşyny güýçlendirmek we durnukly galkynyş maksatlaryna ýetmek üçin ediljek möhüm ädimleri özünde jemleýär" diýip nygtady.

Jewdet Ýylmaz: "2024-nji ýylda sebitimizde artan dartgynlygyň täsiri bilen, ösüşiň 3,5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. 2025-nji ýylda ösüş görkezijiniň 4 göterim, 2026-njy we 2027-nji ýylda nobat bilen 4,5 göterim we 5 göterim derejä ýetmegi meýilleşdirilýär.

Orta möhletli maksatnama döwründe 2,3 million goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.Bu maksat ösüş potensialymyzy artdyrar we işsizligi kem-kemden azaldar" diýip mälim etdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz: "Ýylyň ahyryna çenli eksportymyzyň 264 milliard dollar, etabyň ahyrynda bolsa 320 milliard dollara golaý derejede bolmagyna garaşýarys.Orta möhletli maksatnamanyň ahyrynda 83 trillion liralyk ykdysady beýiklik, 1 trillion 774 milliard dollarlyk ykdysady kuwwat we adam başyna düşýän girdejini 20 müň dollara ýetirmegi maksat edinýäris.

Importymyzyň ýylyň ahyryna çenli 345 milliard dollardan Orta möhletli maksatnamanyň ahyryna çenli 417 milliard dollar derejä ýetirmegine garaşýarys" diýip belledi.

Jewdet Ýylmaz, 2024-nji ýylda inflýasiýa görkezijisiniň 41,5 göterime çenli peselmegine garaşylýandygyny, 2025-nji ýyldaky maksatnamanyň bolsa 17,5 göterime çenli peseldilendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy
Jewdet Ýylmaz Eýranyň täze prezidentini we Beýik Britaniýanyň täze premýer ministrini gutlady
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi