Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 2,7 göterim ösjekdigi çak edilýär

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 2,7 göterim ösjekdigi çak edilýär

Halkara Maliýe Instituty (IIF) Global Görnüş Hasabatyny çap etdi.

Hasabatda Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklar we ABŞ-Hytaý gatnaşyklary bilen birlikde, geosyýasy dartgynlyklaryň ýokary derejede galmaga dowam edýändigi habar berildi.

ABŞ-nyň noýabr aýyndaky prezident saýlawlarynyň global derejede ýylyň iň möhüm syýasy wakasy hökmünde öňe çykýandygy bellenen hasabatda, ABŞ-daky saýlawlaryň global ykdysady we söwda syýasatlaryna möhüm derejede täsir ýetirjekdigi aýan edildi.

Global ykdysady hereketleriň ýuwaşlamagyna garaşylýandygy bellenen hasabatda, global ykdysady ösüşiň ABŞ we Hytaý ýaly möhüm ykdysadyýetlerdäki pes öndürijilik sebäpli 2023-nji ýylda 3,1 göterim derejesinden 2024-nji ýylda we 2025-nji ýylda 2,9 göterime çenli peseljekdigi göz öňünde tutulýar.

Hasabatda Ýewro sebitinde ykdysady görnüşiň kyn ýagdaýda bolmaga dowam edýändigi bellenip, sebitiň ykdysadyýetiniň ykdysady ösüş tizliginiň geçen ýyla meňzeş ýagdaýda 0,5 göterim derejesinde pes bolmagyna garaşylýandygy mälim edildi.

Hasabatda 2025-nji ýyl bilen baglanşykly ykdysady görnüşiň bolsa geosyýasy durnuklylyga we tehnologik ösüşe garaşlydygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Super Liganyň 12-njy hepdesi tamam boldy
Maryda ownuk mal gymmatlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny