"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"

"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksiniň Sergiler zalynda Içeri işler, Žandarma we Kenarýaka howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri bilen agzaçarda duşuşyk geçirdi.

Erdogan terroryň syýasatdan ýokarda göz öňünde tutulmaly başga bir meseledigine ünsleri çekip: "PKK-dan başlap FETÖ, DAIŞ-den başlap DHKP/J-e çenli hiç hili tapawut goýmadan ähli terror guramalary milletimiziň duşmanydyr. Hökümet we döwlet hökmünde terrora garşy örän täsirli we üstünlikli göreş alyp bardyk, mundan soň hem alyp bararys" diýip habar berdi.

Türkiyäniň öz ýurdunda-da, daşary ýurtda-da terrorçylygy ýok etmek strategiýasynyň miwelerini alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, arakesmesiz operasiýalaryň saýasynda ekstremist terror guramasyny ýok etmek nokadyna gelendiklerini mälim etdi.

Prezident Erdogan: "Siriýadaky we Yrakdaky operasiýalarymyz bilen DAIŞ-i we PKK/ÝPG-ni terror guramalaryny serhetlerimizden uzaklaşdyrdyk. Eden bu oňyn ädimlerimizi nesip bolsa erjellik bilen dowam etdireris. Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Soňky 1 Hepde-de 43 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi