Türkiýäniň we Erdoganyň Wilnýusdaky Sammitde Pozisiýasy Ýewropanyň Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi

Ispaniýanyň “El Pais” gazeti “Erdogan Stokgolmdaky wetosuny aýyrma sözüniň öweziniň birnäçe ugurda anyk netije aldy” diýip ýazdy.

Gazet; “Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan NATO-nuň Wilnýusdaky sammmitiniň öň ýanynda Şwesiýanyň NATO agzalygynyň öňündäki bökdençligi aýyrmagy kepillendirdi.Resmi Ankaranyň esasanda terrorizme garşy göreş boýunça Skandinaw ýurtlaryna anyk egilşikler etdiren dartgynly tapgyr boldy. Şeýle hem ABŞ-nyň artyk F-16 harby uçarlaryny satma islegi we ÝB bilen hyzmatdaşlyk ähtimallygy ýüze çykdy.

brýusselde indi Türkiýe bilen gatnaşyklarda täze tapgyryň başlandygyny pikir edýar” diýip ýazdy.

Germaniýanyň “Frankfurter Allgemeine” gazetiniň “Erdoganyň ýeňişi” söz başyly analiz makalada “Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk üçin bir ýylyň dowamynda edilen göreşde Erdoga meýdandan asgyn aýrylmaýar” garaýyşy beýan edilýär.

“Bild” gazeti bolsa “NATO-nuň täze güýçli adamy: R.T.Erdogan” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidentiniň global syýasy çykgynsyzlyklarda we kabul edilen kararlarda pozisiýa eýeleýändigini, gazanmadyk ylalaşygynyň tas ýok diýiljek derejede azdygyny beýan edýär.

“Welt” gazeti bolsa “Erdoganyň geň galdyryjy derejede üstünlikli strategiýany çarpaýa galdyrandygyna” ünsi çekýär.

Britaniýanyň “Deýli Telegraf” gazetinde makalasy çap edilen Britaniýanyň ozalky adalat ministri we premýer-ministriň orunbasary Dominik Raab; “Türkiýäniň NATO-nuň Ýakyn Gündogara goňşy ýarany hökmünde uly ähmiýete eýedigini, goşulyşmazlyk hereketine girýän ýurtlar bilen hem ýokary derejede gatnaşyklary bar” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetiripdir.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek