Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Ýaragly Güýçleri Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Ýaragly Güýçleri Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri, Azerbaýjanda bilelikde harby türgenleşik geçirýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň çäginde, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň harby goşunlary, Baku, Astara, Jebraýyl we İmişli welaýatlarynda harby türgenleşik geçirýär.

Türgenleşige, howa we gury ýer güýçleri bilen birlikde raketa we topçu toparlary hem gatnaşýar.

Bilelikdäki türgenleşik, harby toparlaryň söweş meýdanynda utgaşyklygynyň ýola goýulmagyny, söweş ukybynyň kämilleşdirilmegini we tejribe alyşylmagyny maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Şu Gün Magraç Gijesi
Müň bir sogaply gije
Aliýew, Basyp Alyşlykdan Halas Edilen Füzuli, Zengilan, Laçyn we Jebraýyl Welaýatlaryna Bardy