Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri başlady

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär.

Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar.

Ynha bu gezek paýtagtymyz Aşgabatda we Türkmenabat şäherlerinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri badalga aldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda Türkiýe Respublikasyna mahsus bolan bu döredijilik sungaty barada giňişleýin gürrüň edildi.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň kömekçisi Nadir Alparslan, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Amaly-haşam sungatyna sarpa goýýanlarda ebru usulynda çekilen suratlar uly gyzyklanma döretdi. Kagyzy gaýtadan işlemegiň gadymy sungaty bolan ebru boýunça ussatlyk sapaklary uly gyzyklanma eýe boldy.

Suratkeş Hikmet Barutçugil sungat ussadynyň sergä gatnaşyjylara suwuň ýüzünde surat çekmegiň esasy tilsimlerini görkezip, haýran galan tomaşaçylaryň gözüniň alnynda şeýle eserleriň birnäçesini döretdi.

Sergide daşary ýurtly myhmanlar hem “ebru” sungatynyň tilsimlerini barlap gördüler.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde şu gün agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türk artistleriniň konserti bolar.

Onuň maksatnamasyna Enwer Merally, Fulýa Arat, Seher Çelik we Hamdiýe Efeoglu ýaly aýdymçylaryň çykyşlary girizildi. Mundan başga-da, sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi.

Giňden tanalýan aýdymçylar türk kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirerler. Şeýle hem Ankaranyň döwlet döwrebap tans toparynyň çykyşlary hem guralar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri başlady
Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar
Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar