
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi soňky 1 hepdede geçirilen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 31 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Milli Goranmak ministrliginiň hepdelik metbugat ýygnagynda "Terrory gözbaşynda ýok etmek strategiýasy bilen" dowam edýän operasiýalarda, täze ýyldan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 408-e ýetendigi mälim edildi.
Yrakda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan gowaklarda terrorçylara degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin zatlar ele salyndy.
Terror guramasynyň hataryndan gaçýan agzalarynyň sany hem artýar.
Ýaşaýan ýerlerinden gaçan ýene-de 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.