Türkiýäniň Siriýa Guramagy Meýilleşdirilýän Guryýer Operasiýasy

Türkiýäniň Siriýa Guramagy Meýilleşdirilýän Guryýer Operasiýasy

ÝPG-niň ilki Taksimde, soň bolsa Önjüpynarda we Karkamyşda guran terror hüjümlerinden soň Türkiýäniň Siriýada täze bir harby operasiýa taýýarlanýandygy mälim edilýär.Taksime guralan hüjüm PKK-nyň täze görnüş terror aksiýalaryny görkezmegi taýdan möhüm.

Hüjümçiniň gysga möhletde ele salynmagy PKK-nyň düşünje operasiýasy we propoganda arkaly halk köpçüligini aldatma mümkinçiligini ortadan aýyrdy.Türkiýe bolsa hüjüme jogap hökmünde “Penje-Gylyç” operasiýasyny başladyp, Yrakda we Siriýada PKK/ÝPG-ä degişli pozisiýalary derbi dagyn etdi.

Harby howa operasiýasy birnäçe jähtden başlangyç emele getirýär.Ilki bilen Yrakdaky we Siriýadaky pozisiýalaryň şol bir wagtda urulmagy Türkiýäniň giň zolakda göwrümli we şol bir wagtda howa operasiýasyny guramaga ukyplydygyny görkezýär.

Beýleki tarapdan Süleýmaniýe bilen bilelikde 70 kilometr içerde geçiren operasiýasy göz öňüne tutulanda Türkiýäniň ÝPG-ni Siriýada ähli ýerde urup biljekdigi ýüze çykýar.Harby howa operasiýasyndan soň guryýer operasiýasynyň dinamikalary iňňän tapawutly.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Guryýer operasiýasynyň näme üçin zerurdygy soragy iňňän möhüm.Ilki bilen ÝPG-niň Siriýa üçin durnuksyzlyk faktorydygy äşgärdir. ÝPG, Siriýanyň milli goşunlarynyň ýerleşýän Afrin, Jarablus, Azaz, Al Bab ýaly köp ilatly etraplaryna yzgiderli hüjümler guraýar we asuda ilaty nyşana alýar. ÝPG şol bir wagtda-da Aýnalarabdan Türkiýä hüjümler guraýar. ÝPG-niň gözegçilik edýän zolaklarynda adamzada garşy jenaýatlaryň edilýändigi hem halkara guramalar tarapyndan beýan edilýär. ÝPG-niň Siriýanyň territorial bitewiligi üçin hem howp emele getirýändigini aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.

Eýsem ÝPG-niň awtanom dolanşyk düşünjesi Siriýadaky çözgüdi çykgynsyzlaşdyrýar.

Türkiýe sebitiň durnuklylygyny üpjün etmek, sebitiň terrordan saplanmagyny ýola goýmak we Türkiýede ýaşaýan bosgunlaryň yza dolanmagy üçin gerek bolan şertleri döretmek üçin guryýer operasiýasynyň guralmagynyň hökmanydygyny pikir edýär.Emma 2019-njy ýylda Türkiýäniň Russiýa we ABŞ bilen gol çekişen ylalaşygy henize çenli iş ýüzüne geçirilmedi. Şol ylalaşyga laýyklykda ÝPG Türkiýe serhedinden 30 kilometr çetleşdirilip, ÝPG-niň boşadan ýerlerine Siriýanyň hökümetine degişli güýçler ornaşmalydy. Şeýlelikde sebitde howpsuzlyk ýola goýuljakdy.

Emma olaryň hiç haýsysy iş ýüzüne geçmedi.Türkiýe üçin harby operasiýa ýeke-täk çykalga ýaly görünýär.

Eýsem Türkiýe harby operasiýany nähili gurar?Bu taýda birnäçe ssenari bar.Ilkinjisi; Türkiýe öňü bilen Tel Rifatdaky we Manbijdäki ÝPG güýçlerini nyşana alar.Adybir etraplaryň azat edilmegi Ýefrat derýasynyň günbataryndaky zolagyň durnuklylygy taýdan iňňän möhüm.

Soň bolsa Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Aýnalaraby nyşana alar.Aýnalarab Siriýada halkara derejesinde bilinýän şäherlerden biri.DEAŞ-yň şäheri basyp almagyndan soň sebitden müňlerçe bosgun Türkiýä sygynmaly bolupdy.

Soňky ýyllarda bolsa ÝPG şäheri ele geçiripdi.Bu ýerde Türkiýäniň operasiýasy halkara derejesinde reaksiýa döredip biler.Emma Türkiýe ÝPG-ni ol ýerden çykarmakda ygrarly görünýär.

Ikinji ssenari bolsa; Türkiýäniň Ýefradyň gündogarynda serhetdäki zolaklara operasiýa gurap, häkimiýet sferasyny giňeltmegi. Emma ol ýerde ÝPG bilen bilelikde Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň bardygy göz öňünde tutulanda operasiýa ähtimallygy azalýar. Şol zolakda operasiýanyň ýerine Siriýanyň hökümeti bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk ýola goýlup bilner we adybir etraplar ozalkysy ýaly Siriýanyň hökümeti tarapyndan dolandyrylar.

Operaiýanyň beýleki bir tarapyny bolsa daşarky güýçleriň Türkiýäniň operasiýasyna bolan çemeleşmesi emele getirýär.Russiýanyň Ukraina söweşi sebäpli Türkiýe bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrma islegi, şol sebäpli hem Türkiýäniň Siriýadaky guryýer operasiýasyna garşy durmaýandygy görülýär.

ABŞ-nyň çemeleşmesi bolsa ozalky operasiýalarda bolşy ýaly beýle berk däl.Bu özgerlişik hem Ukraina söweşinde Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasy bilen arabaglanşykly.Eýran bolsa operasiýa garşy ýaly görünýär, emma içerdäki dartgynlyklar Eýranyň ileri tutýan ugurlaryny üýgetdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Awstriýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny