
Türkiýäniň şaý-sep eksporty ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 2,5 göterim artyp 1 milliard 163 million 994 müň dollara barabar boldy.
Türkiýäniň Eksportçylar mejlisinden berlen beýannama görä, ýanwar aýynda eksport geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 5,8 göterim artyp 21 milliard 164 million 177 müň dollara barabar boldy.
Şaý-sep eksporty bolsa ady agzalýan döwürde 2024-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 148,5 göterim artyp 1 milliard 163 million 994 müň dollara barabar boldy.
Şaý-sep eksportynda Birleşen Arap Emirlikleri 607,8 million dollar bilen esasy orun eýeledi.
Birleşen Arap Emirliklerinden soň 126,6 million dollar bilen Şweýsariýa ikinji, 97 million dollar bilen ABŞ hem üçünji orny eýeledi.