Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Sudan Respublikasynda 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinden bäri ýurduň goşuny bilen HDK güýçleriniň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar aladalandyrýar.Halkara derejedäki ähli başlangyçlara garamazdan çaknyşyklaryň dowam etmegi we asuda ilat ýitgileriniň artmagyna alada bildirýäris.
Prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdogan başda bolmak bilen hormatly Daşary işler ministrimiz Mewlüt Çawuşogly we beýleki resmilerimiz sudanly kärdeşleri bilen hadysalaryň başyndan bäri ýakyn aragatnaşyk içinde boldy, sowukganlylyk we od açmazlyk baradaky ylalaşyk barada çagyryş berdiler" diýip habar berildi.
Beýanatda: "Ýurdumyz şol bir wagtda meseläniň parahatçylyk içinde çözülmegi üçin tapawutly başlangyçlary durmuşa geçirýär we Sudanda mundan beýläk doganlyk ganynyň dökülmezligi üçin her dürli tagallany edýär" diýip mälim edildi.
Ewakuasiýa operasiýasynyň tamamlanandygy bellenen beýanatda: "Sudanda bolan raýatlarymyzyň ýurda gaýdyp gelmekleriniň üpjün edilmegi maksady bilen 2023-nji ýylyň 23-nji aprelinde başlan ewakuasiýa operasiýalarymyz düýn 1-nji maýda tamam boldy. Efiopiýa, Müsür, Sudan we Saud Arabystany döwletleri başda bolmak bilen ewakuasiýa tapgyryna goşant goşan ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berildi.