Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda

Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda

Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýatdan çykmajak ýaýlymlar we ilkinji çykyşlar TRT ekranlarynda tomaşaçylara görkezilýär.

TRT, dürli dillerde ýaýlym berýän radio we teleýaýlymlary bilen Türkiyäniň sesini bütin dünýä ýetirýär.

Radioly günler 1927-nji ýylyň 6-njy maýynda başlandy, soň bolsa Türkiye telewideniýe bilen duşuşdy.

Ilkinji synag ýaýlymlary 1968-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Mithatpaşa studiýasynda başlandy.

Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasynyň düýbi 1964-nji ýylyň 1-nji maýynda kabul edilen kanun bilen tutuldy.

Her döwürde özüni täzeleýän we bu ugurda öňdebaryjy bolan TRT, Türkiyäniň wizual we eşidiş ýadyna öwrüldi.

TRT, 41 dilde we dialektde berilýän ýaýlymlary we TRT Nemes, TRT Rus, TRT Fransuz, TRT Balkan, TRT Afrika, TRT Ispan dillerinde, şeýle hem sanly habar platformalary bilen halkara derejedäki wakalary dünýä jemgyýetçiligine ýetirýär.

Şu günki gün TRT telewideniýe we radio kanallary we halkara ýaýlym maşgalasy bilen ýedi materige ýetýän ýaýlym we öndürijilik çärelerini amala aşyrýar.

60 ýyllyk tejribesi bilen, dogry we bitarap döwlet ýaýlymyň ýeke-täk salgysy bolan TRT, türk halkynyň sesi bolmagyny dowam etdirýär.

Beýleki tarapdan TRT 60 ýaşyny ýörite çäreler we ýaýlymlar bilen belläp geçer.

TRT tarapyndan berlen beýanata görä, TRT döredilen gününi paýtagt Ankarada geçiriljek çäreler, şeýle hem teleýaýlym we radio kanallarynda beriljek ýörite ýaýlymlar bilen belläp geçer.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Uýgur Türkçesi
Boks Basleşikleriniň Legendar Alyp Baryjysy Aýhan Ginnesiň Rekordlar Kitabyna Girdi