Türkiyäniň Prezidentiniň Azerbaýjan sapary dowam edýär

Düzüminde Prezident Erdogan bolan uçar Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda türk kärhanalaryň goldaw bermeginde gurulan 2-nji howa menzili bolan Zengilan halkara howa menziline bardy.

Ol ýerde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşylanan Prezident Rejep Taýýip Erdogan, gurluşygy tamamlanan howa menziline gonan ilkinji Döwlet baştutany boldy.

Täze howa menziliniň açylyşyny ýerine ýetiren Erdogana we Aliýewe, howa menziliniň simwoliki açary gowşuryldy.

Erdogan we Aliýew howa menzilindäki dabaradan soň, Dost Agropark Zengilan Akylly Oba hojalyk obasy taslamasynyň ilkinji etabynyň açylyşyny amala aşyrdylar.

Ondan soň Jebraýyl şäherine geçip, Kumlak otly bekediniň düýbüni tutan iki lider, soň bolsa Azerbaýjan-Türkiye Halkara oba-hojalyk bilim merkezi bilen Akylly Tokaýçylyk we Dostluk tokaý kompleksiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Aliýew, Basyp Alyşlykdan Halas Edilen Füzuli, Zengilan, Laçyn we Jebraýyl Welaýatlaryna Bardy
Şu Gün Magraç Gijesi
Müň bir sogaply gije
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär