Türkiyäniň Prezidenti Taýfun raketasy barada beýannama berdi

Türkiyäniň Prezidenti Taýfun raketasy barada beýannama berdi

Prezident Erdogan düýn agşam telewideniýe kanallarynyň birine beren beýanatynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Goranyş senagaty edarasynyň koordinasiýasynda Roketsan-yň çäginde ençeme raketa taslamasynyň üstünde işlenýändigini aýdan Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Soňky gezek bolsa Taýfun raketasynyň synagyny geçirdik, ol bolsa grekleri telbe etdi.

Dowam edýän tapgyrda nesip bolsa şol ädimleriň biri hem, indi onuň menzilini artdyrmakdyr.Elbetde 561 km grekleri dolulygyna, Afiny şonuň menziliniň içinde diýip telbe etdi, gyzyl duýduryş berdiler.

Wagty gelende Jenk we Gezgin ýaly raketalaryň buşlugyny bereris. 2023-nji ýylda milli harby uçarymyz, nesip bolsa angardan çykar.Hürjet, harby uçarmansyz uçarymyz Baýraktar Kyzylelma ýaly taslamalaryň hem üstünde tiz depginler bilen işlenýär" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Sisiniň Ankara Sapary
Türkiyeden Nigere Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi