Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan: "Ysraýylyň hökümetiniň ýaraşygyň düzgünini bozmagyna we ekspluatasiýa etmegine rugsat berilmeli däldir. Halkara jemgyýet 50 müň raýatyndan mahrum galan Gazanyň halkynyň öňünde hukuk we ahlak taýdan jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidir" diýip belledi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherine resmi sapar guran Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Uhnaa bilen geçiren ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, Perzidentiň kompleksinde geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
Erdogan Mongoliýadan Türkiyä Prezident derejesinde takmynan 21 ýyl arakesmeden soň amala aşyrylan sapar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Kärdeşine saparynda hökümet agzalarynyň, deputatlaryň, ýokary derejeli býurokratlaryň, işewür adamlaryň, sungat işgärleriniň we metbugat işgärleriniň ýoldaşlyk edýändigini aýdan Prezident Erdogan, öňümizdäki döwürde Mongoliýa sapar guramak isleýändigini beýan etdi.
Prezident Erdogan geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde, Siriýa, Palestina we Ukraina ýaly gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini, sebitleýin we global hadysalary ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.
Öňňin Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşygyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Ylalaşygyň 467 gün bäri Ysraýylyň zulumyna sabyrlylyk bilen garşy duran Gazanyň halky başda bolmak bilen ähli palestinaly doganlarymyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin.
Ylalaşygyň gazanylmagy ugrunda iş alyp baran Katar we Müsür başda bolmak bilen araçy ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirýärin.Aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 50 müňden gowrak adamyň şehit bolan Gaza boýun egmedi, alynmady, gazalylar zalyma boýun bolmady.
Indi bolsa bize Ysraýylyň Gazada sebäp bolan uly weýrançylygyny ortadan aýyrmak, ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda sebite ýetirilmegi ýaly möhüm işler garaşýar" diýip belledi.