Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni iş sapary bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň dünýä ähmiýetli köp işleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda we gepleşiklerde ekologik meseleleriň mundan beýläk-de ara alnyp maslahatlaşylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Türkiýäniň ekologik ähmiýetli başlangyjyny goldandygy üçin türk Lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygyny ýetirdi. Şeýle hem Rifat Hisarjyklyoglu türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini we ýylsaýyn yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda azyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Işewür Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyk gelýän turbalaryň önümçiliginiň ýola goýlandygyny belledi we bu önümleriň Türkmenistan üçin niýetlenendigini hem-de olaryň Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu birek-biregi we iki ýurduň halklaryny mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.