
Egeý Eksportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, nar eksportynda 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda gymmatlygy taýdan 29 göterim artyş hasaba alynyp, 126 million 54 müň dollarlyk girdeýji bilen 2013-nji ýylda alynan 111 milllion 668 müň dollar girdeýjiden hem geçildi.
Mukdar taýdan nar eksporty 2019-njy ýyla garanyňda 23 göterimlik artyş bilen 155 müň 714 tonnadan 192 müň 6 tonna ýetdi.
Nar eksportynda Russiýa Federasiýasy 44,5 million dollar bilen ozalky ýyllarda bolşy ýaly 2020-nji ýylda hem iň köp nar eksport edilen ýurt boldy.
Germaniýa 15,2 million dollar bilen sanawyň 2-nji ornuna mynasyp boldy.
Yraga 2020-nji ýylda 12,8 million dollarlyk nar eksport edildi.
Ukraina, Britaniýa, Portugaliýa, Bruneý, Kot-d'Iwuar, Jibuti, Nigeriýa, Togo we Mawritaniýa Türkiýäniň 2020-nji ýylda nar eksport eden ýurtlarynyň hataryna goşuldylar.