Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Ozallar ýaragly ýagdaýda obalyk ýerlerde iş alyp baran we terror guramasy PKK tarapyndan Murat Karaýylanyň ýörite buýrugy bilen galp şahsyýetnama resminamasy berilen Pelin Batman adyny ulanýan Gülistan Tekikiň Yragyň Süleýmaniýe şäherinde iş alyp barmaga başlandygy anyklandy.

Gülistan Tekik Süleýmaniýe şäherinde guramanyň propaganda we dezinformasiýa işlerini alyp barýardy. Mundan başgada guramanyň ideologiýasyny ýaýratmakdan we gurama agza ýygnamakdan jogapkärdi.

Anyklanmazlygy üçin işlerini galp resminamalar bilen alyp baran Gülistan Tekik, Süleýmaniýe şäherinde şoňa meňzeş işler alyp baran beýleki agzalaryň hem ýolbaşçysydy.

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy PKK/KJK-ly Gülistan Tekikiň Yragyň Süleýmaniýe şäherine ýerleşendigi barada maglumat aldy, ondan soň operasiýa geçirmek üçin iň amatly wagtda işe girişdi we Gülistan Tekik täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Täze jaýlar Daşoguzyň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirerler
Täze jaýlar Daşoguzyň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirerler
Eýran: Türkmensähra türkmenlerini koronawirus heläk edýär
Balkanda 50 kg un 1000 manada çykdy, Türkmenistan taryhda görülmedik’ azyk gytçylygyna duçar bolýar
Bogema rapsodiýasy: nusgawy rok sazlarynyň özboluşly beýany