Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Milli howpsuzlyk gullugy PKK/PJAK-yň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan, "Nesrin Amed" adyny ulanýan Ýaýla Kyzylkaýany Siriýanyň Kamyşly etrabynda geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryna 14 ýaşynda bolan mahaly goşulan terrorçy Ýaýla Kyzylkaýa, Türkiyede, Yrakda we Siriýada amala aşyran terrorçylykly aksiýalary sebäpli nyşana sanawyna alynypdy.

Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan eýýäm ençeme wagt bäri gözegçilik astynda bolan terrorçy, Siriýanyň Kamyşly etrabynda geçirilen operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär