Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, çakylyga laýyklykda Türkiýä gelen Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly, Gazagystanyň Goranmak ministriniň orunbasary Sultan Kemaleddinow, Gyrgyzystanyň Goranmam ministriniň orunbasary Akylbek Ibraýew we Özbegistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hamdan Karşyýew bilen Milli Goranmak uniwersitediniň Harby akademiýasynda geçirilen maslahatyň çäginde duşuşyk geçirdi.

Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri myhman ministrleri we ministrleriň orunbasarlaryny ýeke-ýeke garşyladylar.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar çykyşynda doganlyk ýurtlar hökmünde bir ýere jemlenmekleriniň ähmiýetiniň üstünde durup geçip: "Hemmeleriň bilişi ýaly dünýäde hiç kim ýeke bolup bilmez. Şol sebäpli dostlukly, doganlyk we ýaran ýurtaryň biri-birlerine goldaw bermegi we aragatnaşyk saklamagy hökmany.

Biz bilen baglanşykly harby tälim hyzmatdaşlygyny, goranyş senagaty meselelerindäki gatnaşyklary has hem özgerdip bileris. Şol meseleler boýunça kabul edilen kararlar ýok, stoluň üsti ap-arassa.Her kim pikirini, garaýyşyny orta atar, bilelikde karar bereris.

Sebäbi parahatçylykly zamanalary gowy edip netijelendirip bilmesek, howply zamanalarda örän giýç bolar.Edýän bu işlerimiz hiç bir ýagdaýda 3-nji ýurtlara garşy pozisiýa eýelemek däldir" diýip habar berdi.

Hulusi Akar DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly gelýärkä "Kipr biziň milli meselämiz" diýip aýdan bolsa, Azerbaýjanyň Goranmak ministr Zakir Hasanowa "Doganym gelipdir" diýip ýüzlendi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Karsa Geldiler
Hulusi Akar, Azerbaýjanly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleriniň maslahaty başlady