Gazagystanyň prezident diwanyndan berilen beýanata görä, Tokaýew we Güler paýtagt Astana şäherindäki Akorda Prezident köşgünde duşuşdylar.
Geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.
Gazagystanyň prezidenti Tokaýew duşuşykda Gazagystan bilen Türkiyäniň arasynda gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ýagdaýda ähli ugurlar boýunça ösýändigini habar berdi.
Tokaýew prezident Rejep Taýýip Erdogana iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini isledi we Gazagystan bilen Türkiyäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we ýaranlygyň has hem berkidilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Ministr Ýaşar Güler hem Türkiyäniň Gazagystan bilen gatnaşyklaryny ynam we birek-birege goldaw bermek ruhy bilen has hem çuňlaşdyrmakda tutanýerlidigini beýan etdi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Gazagystanyň sebitleýin we halkara meseleleriň çözüwi bilen bagly tagallalaryna ýokary baha berýändiklerini belledi.