Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä, Hulusi Akar Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde başdan geçirilen çaknyşyklardan soň, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.
Soňky ýagdaý barada maglumat alan Hulusi Akar, çaknyşyklarda şehit bolan gahryman Azerbaýjanly esgerlere Alladan rehnet, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.
Telefon gürrüňdeşliginde Ermenistanyň agressiw we öjükdiriji çemeleşmesine garşy reaksiýa bildiren Hulusi Akar, Türkiyäniň hemişe doganlyk Azerbaýjanyň ýanyndadygyny, mundan soň hem hakly dawalarynda ýanynda bolmaga dowam etjekdigini mälim etdi.