Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Respublikanyň Merkezi bankynyň täze başlygy wezipesine Hafize Gaýe Erkany belledi. Bu barada anna güni “Resmi Gazete”-de çap edilen kararda aýdylýar.
Merkezi bankyň öňki başlygy Şahap Kawjioglu, Türk bank kadalaşdyryş we gözegçilik geňeşiniň başlygy wezipesine bellendi.
Erkan, Türkiýäniň Merkezi bankyna ýolbaşçylyk edýän ilkinji zenan boldy. Ol Prinston uniwersitetinde maliýe inžiniringi boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady we Garward we Stenford uniwersitetlerinden goşmaça maliýe bilim aldy. Ol “Goldman Sachs” maýa goýum bankynda işledi, “First Republic” bankynyň müdiriýetiniň agzasydyr.
Hafize Gaý Erkan ABŞ-daky üstünlikli işewür durmuşy sebäpli “ajaýyp türk gyzy” hökmünde şöhrat gazandy. Ol “San Francisco Business Times”-yň 2018-nji ýyldaky barlaglaryna görä, Amerikanyň iň gowy 100 bankynyň baş müdiri bolup işlän 40 ýaşa ýetmedik ýeke-täk zenan diýlip atlandyryldy. Şeýle hem Erkan “Crain New York Business 40” sanawyna girizildi.